Prezident Erdogan Katar Ykdysady Forumda Çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, şu ýyl eksportda 200 milliard dollar sepgide ýetip, rekord goýmagy maksat edinýändiklerini habar berdi

1662807
Prezident Erdogan Katar Ykdysady Forumda Çykyş etdi

Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Katar Ykdysady Forumda çykyş eden Prezident Erdogan, Türkiýäniň şu ýylyň ilkinji çärýeginde ýeten 7 göterimlik ösüş görkezijileriniň, ýylyň galan bölegi üçin çaklamalary artdyrandygyny mälim etdi. 

OECD tarapyndan taýarlanan habarnamada, Türkiýäniň ykduysadyýeti 2021-nji ýylda 5,7 göterim we 2022-nji ýylda 3,4 göterim ösüşiň göz öňünde tutulandygyny ýatladan Erdogan: "Bu bolsa OECD agza ýurtlaryň arasynda göz öňünde tutulan iň güýçli ösüşleriň biridir. Şu ýyl jemi eksportda 200 milliard dollar sepgide ýetip, rekord goýmagy maksat edinýäris" diýip aýan etdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 1,5 ýyl bäri global ykdysadyýetiň kynçylykly pursatlary başyndan geçirýändigini aýdan Prezident Erdogan, esasan hem ösmedik we ösüp barýan ýurtlaryň epidemiýanyň öňünde öz ykballaryna terk edilendigini beýan etdi. 

Şol bir biperwaýlygyň epidemiýa garşy iň möhüm ýarag bolan sanjym meselesinde hem başdan geçirilýändigini aýdan Erdogan: "Dünýäniň 100-e golaý ýurdunyň entegem ilkinji doza sanjyma ýetmedik bir elhenç ýagdaý bilen ýüz-ýüzediris. Sanjym we derman adalatly ýagdaýda ähli ýurtlaryň ulanylmagyna berilmedigi saýyn, global ykdysadyýyýetiň janlanmagy hem mümkin bolmajakdygyny bilýäris" diýip habar berdi. 

Erdogan Türkiýe hökmünde bular ýaly kyn döwürde öz üstünde düşýän jogapkärçilikden gaçmaýandygyny, 158 ýurda we 12 halkara gurama lukmançylyk kömeginiň berilendigini, ýylyň ahyryna çenli ulanmaga taýar ýagdaýa getirmegi meýilleşdirilen milli Kowid-19 sanjymynyň hem bütin adamzadyň sanjymy boljakdygyny mälim etdi. 

Epidemiýanyň diňe ykdysady adalatsyzlygy çuňlaşdyrmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda Yslam duşmançylygyny we bosgun duşmançylygyny hem artdyrandygyny aýdan Erdogan, Günbatarda rasist we Yslam duşmançylygy bilen bagly hüjümleriň soňky 5 ýylda 250 göterim artandygyny, şol hüjümlerde ýogalanlaryň sanynyň hem 700 göterim artandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar