Türkiýe bilen Ispaniýanyň arasynda maslahat geçiriler

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1661698
Türkiýe bilen Ispaniýanyň arasynda maslahat geçiriler

Türkiýe bilen Ispaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn meseleler we Ýewropa Bileleşigi geňeşmeleri şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek maslahatda ara alynyp maslahatlaşylar. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Türkiýe bilen Ispaniýanyň arasynda geçiriljek göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahatyň ministriň orunbasary we ÝB Başlygy ilçi Faruk Kaýmakjy bilen Ispaniýanyň Daşary işler, ÝB we Hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Huan Gonzalez Barbanyň ýolbaşçylygynda geçiriljekdigi mälim edildi. 

Beýanatda maslahatlaşyljak meseleleriň arasynda "Türkiýe-Ispaniýa 7-nji Hökümetara maslahata" taýarlyklaryň we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ele alynmagy bilen birlikde, Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň çäginde pikir alyşylmagy göz öňünde tutulýandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #maslahat , #Ispaniýa , #ÝB , #Türkiýe

Degişli Habarlar