Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 51 boldy.

1662256
Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 49 müň 236 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 221 müň 52 adam testden geçirilip, ýene-de 429 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 294 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 5 müň 93 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 237 müň 731 adama ýetdi.

Koronawirusa garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde Türkiýe boýunça edilen 1-nji we 2-nji doza sanjymyň sany bolsa 42,677,214-e ýetdi.

Prezident R.T.Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýede 1-nji iýuldan başlap köçä çykma çäklendirmesinin doly bes edilendigini aýtdy.

Erdogan Kovid-19 sanjymlama maksatnamasy hakynda bolsa: “Soňky bir hepdede ilatyna görä dünýäde iň köp sanjym eden ýurt bolduk. Maksadymyz birnäçe hepdäniň dowamynda sanjymlamany 18 ýaşdan ýokardaky ilatymyzyň ählisine açmak” diýdi.



Degişli Habarlar