Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Baýden bilen geçiren duşuşygy barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçiren duşuşygy bilen bagly: "Ýeten sepgidimizi, ýurtlarymyza maksimum derejede peýda getirmekde hyjuwlydyrys" diýip belledi

1662301
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Baýden bilen geçiren duşuşygy barada beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň geçiren metbugat ýygnagynda, 14-nji iýunda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki NATO maslahatynyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçiren duşuşygy bilen bagly: "ABŞ bilen dialog kanallarymyzy ähli ugurlar boýunça güýçlendirmek maksady bilen Jo Baýden bilen ýeten sepgidimizi ýurtlarymyza maksimum derejede peýda getirmekde hyjuwlydyrys" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Türkiýäniň ýeke-täk talaby syýasy we ykdysady taýdan özygtyýarlylyk hukuklaryna hormat goýulmagy we terror guramalaryna garşy alyp barýan göreşine goldaw berilmegidir" diýip mälim etdi.

Prezident Erdogan ABŞ bilen oňyn we konstruktiw bir esasda täze bir döwrüň gapylaryny açmaga taýarlanýandyklaryna ynanýandyklaryny belledi. 

Erdogan maslahat bilen bagly bolsa: "Bu maslahatda ýene-de bir gezek Türkiýesiz NATO-nyň bar bolan güýjüni diňe goramagyny däl, eýsem mundan beýläk barlygyny dowam etdirmeginiň hem tankydydygyna göz ýetirildi. NATO-dan we hyzmatdaşlardan ähli ugurlar boýunça ýurdumyzyň ähmiýetine we goşandyna laýyk ýagdaýda pozisiýa eýelenmegine garaşýandygymyzy ýene-de bir gezek belläp geçýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar