Bitlis welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Bitlis welaýatynyň Hizan etrabynda Eren-11 operasiýasynyň çäginde 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1662184
Bitlis welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, Žandarma güýçleriniň komandos topary we Žandarma güýçleriniň Ýöriteleşdirilen topary tarapyndan ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary bilen Harby-howa güýçleriniň goldaw bermeginde Bitlis welaýatynyň Hizan etrabynda operasiýanyň geçirilendigi mälim edildi. 

Beýanatda operasiýanyň barşynda 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi, sebitdäki operasiýalaryň bolsa dowam edýändigi habar berildi. 



Degişli Habarlar