Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 91 adama ýetdi

1661590
Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 63 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany jemi 49 müň 185 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 213 müň 297 adam testden geçirilip, ýene-de 409 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 91 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 4 müň 219 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 232 müň 638 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde Türkiýede 1-nji we 2-nji doza sanjym etdiren raýatlaryň sany Türkiýäniň wagty bilen sagat 19:38-a çenli 41 million 481 müň 84 adama ýetdi.



Degişli Habarlar