Prezident Erdogan ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Erdogan, häzirki wagtda sanjymda 40 milliona golaýlandyklaryna ünsleri çekip, onuň gowy netijedigini beýan etdi

1661533
Prezident Erdogan ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasynyň başlan günlerinden başlap saglygy goraýyş hyzmatlaryndan döwlet howpsuzlygyna çenli ähli ugurlar boýunça beýleki ýurtlaryň öňünde gelýändigini mälim etdi. 

Prezident Erdogan Kakalar güni mynasybetli Adalat we ösüş partiýasynyň Ýaşlar şahasy tarapyndan geçirilen "Ýaşlar bilen iň uly duşuşyk" atly göni wideoaragatnaşyk arkaly çärä ýurdyň 81 welaýatyndan 700 ýaş oglan-gyz gatnaşdy. 

Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy tiz depginler bilen sanjymn programmasyny alyp barýandyklaryny aýdan Rejep Taýýip Erdogan: "Sanjym üpjünçiliginiň kyn bolan döwürlerinde, wagtynda gören aragatnaşyk çärelerimiziň saýasynda tiz depginler bilen sanjym programmasyny alyp barýarys. Birnäçe kemçilikler bar, emma olaryň hem hötdesinden gelýäris. Häzirki wagtda örän gowy ýagdaýdadyrys. Nesip bolsa bu bela-beteriň hötdesinden ýakyn wagtda geleris" diýip habar berdi. 

Erdogan ýerli sanjym işleriniň hem dowam edýändigini, bu babatda maksatnamanyň sentýabr-oktýabr aýlarynda önümçilik tapgyryna geçmekdigini belläp, sanjym işlerinde ýaş çägini 30-a ýetirendiklerini, onuň bolsa möhüm bir etapdygyny mälim etdi. 

Prezident Erdogan, häzirki wagtda sanjymda 40 milliona golaýlandyklaryna ünsleri çekip, onuň gowy netijedigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar