Mewlüt Çawuşogly Antalýa diplomatiýa forumynda soraglara jogap berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ermeni terror guramasyna garamazdan özdiýenlilik bilen diplomat bolandygyny habar berdi

1661460
Mewlüt Çawuşogly Antalýa diplomatiýa forumynda soraglara jogap berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Antalýa diplomatiýa forumynyň çäginde geçirilen Antalýa diplomatiýa forumynyň Ýaşlar forumynda ýaşlaryň soraglaryna jogap berdi. 

Gyzgalaňly iş depginine çagalygynda 3 gün dowam eden göçhä-göçlükden öwrenişendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Mekdep ýyllarymda gowy futbolçydym. Liseýde okaýarkam ermeni terror guramasy diplomatlarymyza hüjüm guraýardy, şehitlerimiz bardy. Menem şolara garamazdan özdiýenlilik bilen diplomat boljak diýip, halkara gatnaşyklar bölümini okadym" diýip habar berdi. 

Sport, raýat jemgyýeti we sungat ýaly ugurlarda iş alyp barýanlaryň kämahallar diplomatlardan has täsirlidigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Men parlamentarkam hem spordyň uly täsirini gördüm. Bir milletiň, bir ýurdyň abraýy biz diplomatlar üçin örän möhüm, emma beýleki ugurlardaky üstünlikler hem möhüm, şol sebäpli sport diplomatiýasyna ähmiýet berýäris" diýip mälim etdi. 

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen paýtagt Ankara şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda başdan geçirilenleri mysal hökmünde aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Şol metbugat ýygnagyndan ozal maňa gelip men jedelleşik döretjek hiç zat aýtmaryn, sizden hem şoňa garaşýaryn diýeninden soň, bosgunlary yzyna iteklemeleri ýaly meseleleriň maslahatda üstüni çyzdym. Emma gynansagam metbugat ýygnagynda örän agressiw boldy. Afiny şäherine gidenimizde metbugat ýygnagynda hiç zat aýtmady. Örän položiteldi. Ýygnaga men elbetde iki dürli taýarlanypdym. Soň bolsa yzyna gaýdyp baranyndan soň her gün çykyş edýär, emma biz hiç hili beýanat bermeýäris. Näme bar bolsa ýüz-ýüze aýdalyň. Ol ýerde içinde galypdyr öýdýän, indi günde Türkiýe bilen bagly beýanat berýär. Ol goranmagam däl, hüjümem däl" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar