Hulusi Akar amerikaly kärdeşi Lloýd Ostin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1661373
Hulusi Akar amerikaly kärdeşi Lloýd Ostin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Akaryň we Ostiniň düýn telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendikleri mälim edildi. 

Beýanatda oňyn we kosntruktiw geçen telefon söhbetdeşliginde, NATO maslahatyndan soň sebitleýin we ikitaraplaýyn goranyş we howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşylandygy aýan edildi. 

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat ofisinden berilen ýazmaça beýanatda bolsa, Lloýd bilen Akaryň iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny we Owganystandaky diplomatik barlygyň dowam etdirilmegi meselesini maslahatlaşandyklary habar berildi. 

Beýanatda Lloýdyň ençeme wagt bäri dowam edýän ABŞ-Türkiýe goranmak gatnaşyklarynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklandygy, iki ýurdyň arasynda parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde dowam edýän aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk ugurlary üçin Hulusi Akara minnetdarlyk bildirendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar