Terror Guramasy PKK-nyň Ýurduň Içindäki Terrorçylarynyň Sany 250-ä Çenli Aşaklady

“Şu günki günde PKK-nyň ýurduň içindäki terrorçylarynyň sany taryhynda ilkinji gezek 250-ä çenli aşaklady. Ýakynda şol san hem aşaklar”

1660331
Terror Guramasy PKK-nyň Ýurduň Içindäki Terrorçylarynyň Sany 250-ä Çenli Aşaklady

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýurduň içindäki terrorçylarynyň sanynyň 250-ä çenli aşaklandygyny aýtdy.

Ministr Soýlu paýtagt Ankarada beren beýannamasynda, 2016-njy ýyldan bäri 944 terrorçynyň geçirlen gepleşikler netijesinde boýun egendigini, terror guramasy PKK-nyň 2015-nji ýylda 2 müň 817 aksiýa geçirendigini, 2020-njy ýylda aksiýa sanynyň 276-sy serhetaşa bolmak bilen 331-e çenli aşaklandygyny aýtdy.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, “Şu günki günde PKK-nyň ýurduň içindäki terrorçylarynyň sany taryhynda ilkinji gezek 250-ä çenli aşaklady. Ýakynda şol san hem aşaklar” diýip belledi.



Degişli Habarlar