Halkara Jemgyýetçiligi Kovid-19-a Garşy Göreşde Synagdan Geçip Bilmedi

Erdogan, Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreşde Türkiýäniň 158 ýurda we 12 halkara gurama saglygy goraýyş kömegini berendigini nygtady

1660838
Halkara Jemgyýetçiligi Kovid-19-a Garşy Göreşde Synagdan Geçip Bilmedi

 

Prezident R. T. Erdogan, halkara jemgyýetçiliginiň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde synagdan geçip bilmändigini nygtady.

Erdogan “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi taryhyň iň uly saglygy goraýyş krizisini 100 gün soň gün tertibine aldy. Epidemiýa döwründe goýberlen ýalňyşlyklaryň indi gaýtalanmazlygy üçin sanjymyň elýeterliligi meselesinde adalatly çemeleşilmegi diýseň möhüm” diýdi.

Erdogan, Antalýa Diplomatiýa forumynda eden çykyşynda, Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreşde Türkiýäniň 158 ýurda we 12 halkara gurama saglygy goraýyş kömegini berendigini nygtady.

Prezident Erdogan “Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli koronawirusa garşy taýarlanýan ýerli sanjymymyzy öndürmegi umyd edýäris we ýerli sanjymymyzy inşalla adamzadyň ulanmagy üçin hödürläris” diýdi.

“BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň häzirki gurluşy bilen 21-nji asyrdaky ýolagçylygymyzy dowam etdirip bilmeris” diýen Erdogan “8 milliarda golaý ynsanyň geljegine BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy karar berip bilmez. 190 ýurda stolyň başynda oturmak hukugyny berýän emma öz geljegine karar berip bilmeýän ulgam adalatly bolup bilmez. Adalatyň ýok ýerinde çaknyşyk, dartgynlyk we zulum höküm sürer. Adalaty we hak-hukugy goramaga dowam edýäris we dowam ederis” diýdi.

Prezident Erdogan çykyşynda, Türkiýäniň daşary ýurtlardaky 252 wekilhanasy bilen dünýäniň iň uly 5-nji diplomatiýa toryna eýedigini nygtady.

Türkiýäniň, terrora garşy göreş meselesinde bolsa Siriýada iş alyp barýan PKK, ÝPG, DAIŞ ýaly terror guramalaryna garşy içginlik bilen göreşýän ilkinji ýurtdygyny nygtan Erdogan “Biz DAIŞ-e agza 4 müň 500 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdik. Şu günki güne çenli 430 müň siriýalynyň öýlerine dolanmagy üçin amatly şert döretdik. Olary çadyrlardan halas edýäris”diýip belledi.

Prezident Erdogan “Ýurdumyzda asuda ilaty öldüren ganhorlary syýasy status berlip gorag astyna aldylar. Günorta serhetlerimizde terror döwleti gurulmaga çalşyldy. Siriýada parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginden diňe Türkiýe jogapkär däl. Halkara jemgyýetçiligi Siriýa meselesinde uly jogapkärçiligi öz üstüne almaly” diýdi.



Degişli Habarlar