Çawuşoglu Şu Gün Borrel Bilen Duşuşar

Çawuşogly bilen Borrel özara gatnaşyklary ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşar

1660326
Çawuşoglu Şu Gün Borrel Bilen Duşuşar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly şu gün ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel bilen duşuşar.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, ministr Çawuşoglynyň iýun aýynyň 17-20-i aralygynda Antalýada geçiriljek Günorta gündogar Ýewropa hyzmataşlyk tapgyrynyň maslahatyna we Antalýa Diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýä gelen Borrel bilen 18-nji iýunda iki çäk duşuşyk geçirjekdigi ýatladyldy.

Beýannamada, duşuşykda iýun aýynyň 24-25-i aralygynda geçiriljek ÝB-niň liderler maslahatynyň öňüsyrasynda özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyljakdygy nygtaldy.



Degişli Habarlar