Çawuşoglu, Borrel Bilen Duşuşdy

“Türkiýe bilen ÝB-niň gün tertibinde esasy orun eýeleýän ugurlar hakynda pikir alyşdyk”

1660641
Çawuşoglu, Borrel Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşoglu, Twitterden beren habarnamasynda, Antalýada geçirilýän Günorta gündogar Ýewropa hyzmataşlyk tapgyrynyň maslahatyna we Antalýa Diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin şähere gelen Borrel bilen duşuşandygyny nygtady.

Çawuşoglu “Gümrük bileleşigi şertnamasynyň ýaňadandan gözden geçirilmegi, göç we wiza erkinli ýaly Türkiýe bilen ÝB-niň gün tertibinde esasy orun eýeleýän ugurlar hakynda pikir alyşdyk” diýdi.



Degişli Habarlar