Erdogan Azerbaýjana guran saparynyň çäginde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beripdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene Türkiýäniň S-400 we F-35 babatynda tapawutly ädim edilmegine garaşmazlygyny aýdandygyny habar berdi

1659959
Erdogan Azerbaýjana guran saparynyň çäginde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beripdi

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Prezident Erdogan, 14-nji iýunda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen NATO maslahatynyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçiren duşuşgynyň üstünde durup geçip: "Jo Baýdene Türkiýe hökmünde hem F-35 hem-de Türkiýäniň Russiýadan satyn alan S-400 howa goranyş ulgamlary babatynda tapawutly ädim etmegimize garaşmaň. Sebäbi biz F-35 babatynda öz üstümize düşýän jogapkärçilikleri ýerine ýetirdik diýip aýtdym" diýip mälim etdi. 

Terroryň nyşanasy astynda bolan bir hyzmatdaşyň ýanynda durmagyň ýerine şol hyzmatdaşyň göreş alyp barýan terror guramalaryny saýlamagyň taryhy bir ýalňyşlykdygyny aýdan Erdogan: "Terror guramalaryny goldaýanlar, olary höweslendirýänler nähili derejede uly ýalňyşlyk edendiklerini ir ýa-da giýç göz ýetirerler" diýip habar berdi. 

Erdogan ABŞ-nyň Owganystandan çekilmek kararyndan soň, Türkiýäniň ol ýerde öz üstüne has köp jogapkärçilik alyp biljekdigini mälim etdi. 

Ermenistanyň ynam dörediji ädimler etmäge başlamagynyň gerekdigini aýdan Erdogan: "Goýan minalarynyň kartasyny Azerbaýjana bermegi bu ugurda edilen ilkinji möhüm ädim bolar" diýip belledi. 

Erdogan Zengezur koridory bilen bagly bolsa: "Russiýa tarapyndan giýjä galmak niýetiniň bardygyny pikir etmeýärin. Gaýtam tersine kömek etmegiň niýetinde ýaly. Ýakyn wagtda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşyk geçireris" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar