Çawuşogly Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk tapgyrynyň maslahatynda çykyş etdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, şu günki günde indi dialog ýoly bilen çözgüt tapýan Günorta-gündogar Ýewropanyň bardygyny belledi

1659857
Çawuşogly Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk tapgyrynyň maslahatynda çykyş etdi
gdau disisleri bakanlari antalya .jpg
cavusoglu gdau antalya.jpg

Şu ýyl Türkiýäniň döwürleýin ýolbaşçylyk etmeginde geçirilýän, Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk tapgyry Mewlüt Çawuşoglynyň baştutanlyk etmegindäki Daşary işler ministrleriniň maslahaty Antalýada başlady. 

Mewlüt Çawuşogly, maslahatyň açylyşynda eden çykyşynda, şu ýyl şol bir wagtda Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk tapgyrynyň 25-nji ýyllygyny belläp geçýändiklerini habar berip: "Şu günki günde indi dialog ýoly bilen çözgüt tapýan Günorta-gündogar Ýewropa bar. Sebitiň iň giňişleýin forumy bolan Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk tapgyry, iň kyn wagtlarda hem sebitiň ýurtlaryny bir ýere jemläp bilen bir platforma boldy" diýip mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň 3-nji gezek öz üstüne alan döwürleýin başlyklygynda 40-dan gowrak çäräniň geçirilendigini, şolardan Diaspora we Ýaşlar forumynyň ilkinji gezek geçirilendigini aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly 2030-njy ýyl üçin Strategiýa meýilnamasyny taýarlamagyň hem möhüm bir ädimdigini beýan etdi. 

Sebitiň Ýewropa-Atlantik guramalary bilen bütewileşmegine berýän ähmiýetlerini her pursatda belläp geçýändiklerini aýdan Çawuşogly: "Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk tapgyryna agza ýurtlaryň ÝB-ne agzalyk perspektiwalarynyň güýçlendirilmegi umumy maksadymyzdyr. ÝB diňe Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlarynyň ählisi agza bolan mahaly global bir aktýor ýagdaýyna gelip biler" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň döwürleýin başlygyklygynda berilen goldawlara minnetdarlyk bildiren Mewlüt Çawuşogly, nobatdaky döwürleýin başlyk boljak Gresiýa bolsa üstünlikler arzuw etdi we özlerine her dürli goldawy bermäge taýardyklaryny mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly 2022-2023-nji ýyllarda döwürleýin başlyklygy öz üstüne almagy kabul eden Çernogoriýa hem minnetdarlyk bildirdi. 

Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk tapgyrynyň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahaty günortandan soň Prezident Rejep taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda amala aşyrylar. 



Degişli Habarlar