Prezident Erdogan NATO maslahatynyň çäginde daşary ýurtly liderler bilen duşuşyklar geçirýär

NATO-nyň Liderler maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherine giden Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ol ýerde daşary ýurtly liderler bilen ikiçäk duşuşyklar geçirýär

1657613
Prezident Erdogan NATO maslahatynyň çäginde daşary ýurtly liderler bilen duşuşyklar geçirýär
erdogan macron.jpg
johnson-erdogan.jpg
60c720624b073.jpg
johnson-erdogan.jpg

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, maslahatyň çäginde NATO ştabynda metbugata ýapyk häsýetde geçirýän duşuşyklaryň ilkinjisini şu gün Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen başlady. 

Erdogan ondan soň bolsa Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen aýry-aýry ikiçäk duşuşyklar geçirdi. 

Prezident Erdogan şu gün şeýle hem Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakis bilen hem duşuşyk geçirdi. 

Türkiýäniň wagty bilen sagat 18:00-da bolsa Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşyk geçirer. Erdogan şol duşuşykdan soň metbugat ýygnagyny geçirer. 

Prezident Erdogan NATO maslahatynyň çäginde düýn bolsa Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban, Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda we Latwiýanyň Prezidenti Egils Lewits bilen aýry-aýry duşuşyklar geçiripdi. 



Degişli Habarlar