Prezident Erdogan Brýusselde Özara Duşuşyklar Geçirýär

Duşuşyklar özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleleriň seljerilmegine garaşylýar.

1657211
Prezident Erdogan Brýusselde Özara Duşuşyklar Geçirýär

Prezident R. T. Erdogan NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele gitdi.

Prezident Erdogany Brýusselde Türkiýäniň NATO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Basat Öztürk we Türkiýäniň ÝB-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Mehmet Kemal Bozaý bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar garşylady.

Saparynyň çäginde NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen özara duşuşyklar geçirjek Prezident Erdogan, agşamara Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban, Litýanyň Prezidenti Gitanas Nausede we Latwiýanyň Prezidenti Lewits bilen duşuşdy.

Prezident Erdoganyň maslahatyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson we Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Miçotakis bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Prezident Erdoganyň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär.

Duşuşyklar özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleleriň seljerilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar