Prezident Erdogan Brýusselde Emmanuel Makron Bilen Duşuşdy

Iki lideriň duşuşygy metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi

1657521
Prezident Erdogan Brýusselde Emmanuel Makron Bilen Duşuşdy

NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Prezident R. T. Erdogan saparynyň çäginde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy.

Iki lideriň NATO-nyň Ştab kwartirasyndaky duşuşygy metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Erdogan Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Gresiýanyň Premýer ministri Kirtakos Miçotakis bilen hem duşuşar.

Prezident Erdogan Türkiýe wagty bilen sagat 18.00-da bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşar. Erdogan duşuşykdan soň metbugata beýannama berer.

Prezident Erdogan düýn hem Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban, Litýanyň Prezidenti Gitanas Nausede we Latwiýanyň Prezidenti Lewits bilen duşuşypdy.



Degişli Habarlar