“NATO Agza Ýurtlaryň Howpsuzlygy Üçin Uly Jogapkärçiligi Öz Üstümize Aldyk”

Prezident Erdogan, Brýussel maslahatynyň “Durnuklylyga goşant goşmak” temaly oturluşygynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi

1657780
“NATO Agza Ýurtlaryň Howpsuzlygy Üçin Uly Jogapkärçiligi Öz Üstümize Aldyk”

 

Prezident R. T. Erdogan “Diňe öz milli bähbitlerimiz üçin däl eýsem NATO agza ýurtlaryň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň üpjün edilmegi üçin uly jogapkärçiligi öz üstümize alandygymyzy bilýäris we şol jogapkärçilige laýyklykda hereket edýäris” diýdi.

Prezident Erdogan, NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Brýussel maslahatynyň “Durnuklylyga goşant goşmak” temaly oturluşygynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň Yrakdan Owganystana, Kawkazdan Balkanlara, Garadeňizden Ortaýer deňizine we Afrika çenli dünýäniň çar tarapynda durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edýändigini we bu ugurda edilýän tagallara goşant goşýandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan, Türkiýänin goňşulary bilen gatnaşyklarynda halkara hukuga, adalata we özara bähbide, sylag hormada uly ähmiýet berýändigini nygtap, “Goňşymyz we ýaranymyz Gresiýa bilen gepleşikleriň geçirilmeginiň, özara meseleleleriň çözülmegi bilen birlikde sebitimiziň durnuklylygyna we howpsyzlygyna uly goşant goşýandygyna ynanýaryn” diýdi.

Erdogan, şu günki günde durnuklylygyň öňündäki esasy bökdençliklerden biriniň terror guramasydygyna ünsi çekip, “Türkiýe, NATO-nyň başda durmagyna halkara derejesinde terrora garşy göreşde esasy rol oýnaýar. PKK/PÝD-den DAIŞ-e we FETÖ çenli birnäçe terror guramasyna garşy ýurduň içinde serhetaşa göreşimiz dowam edýär” diýip belledi.

Türkiýäniň DAIŞ-e garşy içginlik bilen göreşýän we bu ugurda ýaşajyk perzentleri şehit bolan NATO agza ýeke-täk ýurtdygyny nygtan Erdogan “Serhetaşa operasiýalarymyz bilen DAIŞ-e agza 4 müňe golaý terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdik. Terror guramalaryna garşy göreşimizde gynansakda ýaranlarymyzdan degişli goldawy alyp bilmedik” diýdi.

Prezident Erdogan “Türkiýäniň serhetleriniň şol bir wagtda NATO-nyň serhetlerdigini ýatdan çykarmalyň. Şol nukdaý nazardan diňe öz milli bähbitlerimiz üçin däl eýsem NATO agza ýurtlaryň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň üpjün edilmegi üçin uly jogapkärçiligi öz üstümize alandygymyzy bilýäris we şol jogapkärçilige laýyklykda hereket edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar