Erdogan-Baýden Duşuşygy Başlady

Erdogan duşuşykdan soň metbugata beýannama berer.

1657874
Erdogan-Baýden Duşuşygy Başlady

 

NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Prezident R. T. Erdogan saparynyň çäginde ilki Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy.

Iki lideriň NATO-nyň Ştab kwartirasyndaky duşuşygy metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Erdogan soň bolsa Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Gresiýanyň Premýer ministri Kirtakos Miçotakis bilen duşuşdy.

Beýleki tarapdan Prezident Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň duşuşygy başlady.

Erdogan duşuşykdan soň metbugata beýannama berer.

Prezident Erdogan düýn hem Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban, Litýanyň Prezidenti Gitanas Nausede we Latwiýanyň Prezidenti Lewits bilen duşuşypdy.



Degişli Habarlar