TÝG Afrindäki hassahana hüjüm guran PKK/ÝPG-nyň ýerlerini nyşana aldy

Hüjümde köp sanda terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirildi

1657049
TÝG Afrindäki hassahana hüjüm guran PKK/ÝPG-nyň ýerlerini nyşana aldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň Afrinde 14 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjüminden soň, Tel-Ryfat sebitinde terrorçylara degişli ýerleri nyşana alyp hüjüm gurady, köp sanda terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. 

Gaubisalar bilen nyşana alynyp jezalandyrmak maksady bilen guralan hüjümiň netijesinde terrorçylar tarapyndan ulanylan 3 ştab binasynyň, 1 gaçybatalganyň we 1 söweşjeň liniýanyň ýok edilendigi, köp sanda terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Esktremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň düýn Siriýanyň demirgazygyndaky Afrinde ýerleşýän hassahana bilen şäheriň merkezine guran hüjümlerinde aralarynda bir bäbek hem bolan jemi 14 adam ýogalypdy, 32 adam bolsa ýaralanypdy. 


Etiketkalar: #Afrin , #hüjüm , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar