Türkiýe Pakistana gynanç bildirdi

Türkiýe Pakistanyň Sindh welaýatynda başdan geçirilen we 30-dan gowrak adamyň ýogalmagy bilen netijelenen otly heläkçiligi sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1653210
Türkiýe Pakistana gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Pakistanyň Sindh welaýatynyň Ghotki sebitinde başdan geçirilen otly heläkçiliginde 30-dan gowrak adamyň ýogalandygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk. Otly häkçiliginde ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara şypa we dostlukly Pakistanyň hökümeti bilen doganlyk Pakistanyň halkyna bolsa gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 

Pakistanda hereket ýagdaýyndaky ýolagçy otlynyň wagonlarynyň biriniň ýerinden çykyp, beýleki tarapdan gelýän başga bir ýolagçy otlusy bilen çakyşmagy netijesinde häzirki wagta çenli 38 adam ýogaldy, 64 adam bolsa ýaralandy. 



Degişli Habarlar