Erdogan: "Ekstremist terror guramasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Prezident Erdogan: "Ekstremist terror guramasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim etdi

1652647
Erdogan: "Ekstremist terror guramasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, esktremist terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçysy we Mahmur sebitinden jogapkär ýolbaşçysy Selman Bozkyryň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Prezident Erdogan sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda, "Doktor Hüseýin" adyny ulanýan Selman Bozkyryň, düýn Milli howpsuzlyk gulllugy tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Erdogan: "Bu üstünlikli operasiýa goşant goşan ähli dostlarymyza, milletimiziň adyndan sag bolsun aýdýarys. Haýyn we ekstremist terror guramasynyň Mahmur sebitini inkubasiýa merkezi hökmünde ulanmagyna rugsat bermeris, terrory gözbaşynda ýok etmäge dowam ederis" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar