Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 92 Boldy

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 6 müň 126 adama ýetdi.

1652344
Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 92 Boldy

Türkiyäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär.

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 92 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 48 müň 68 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 216 müň 156 adam testden geçirilip, ýene-de 542 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 6 müň 126 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 7 müň 161 adam bilen birlikde saglyk ýagdaýy gowulananlaryň sany 5 million 154 müň 771 adama ýetdi.



Degişli Habarlar