Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabynda 2 adamyň şehit bolan Eren-11 operasiýasynda, şu gün ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1651242
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Ýurdyň öz içinde geçirilýän operasiýalaryň çäginde amala aşyrylýan Eren-11 operasiýasy žandarma güýçleriniň komandos toparlarynyň, howpsuzlyk goragçylarynyň we žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen  toparlarynyň gatnaşmagynda dowam etdirilýär. 

Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabynda düýn 2 esgeriň şehit bolan operasiýada şehitleriň gany ýerde galmady. 

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, şu gün 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi, bolan çaknyşykda 1 howpsuzlyk goragçysynyň şehit bolandygy, 2 žandarma işgäriniň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

 

Serhetaşa operasiýasynyň çäginde bolsa Yragyň demirgazygyndaky Zap we Awaşin sebitlerinde PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Yragyň demirgazygynda iň soňky terrorçy ýok bolýança çenli operasiýalarymyzy dowam etdireris. Zap we Awaşin sebitlerinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy, Harby-howa güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýalarymyz tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi. 

 

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde bolsa ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde ýol gözegçilik nokadymyza bomba ýüklenen motosikl bilen hüjüm guramaga synanyşan 1 terrorçy we günorta tarapdan sebite girmäge synanyşan 2 terrorçy bolmak bilen PKK/ÝPG-e agza jemi 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

 

Beýleki tarapdan bolsa Siirt welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanatda, 12 ýyl bäri PKK-nyň düzüminde bolan bir zenan terrorçynyň edilen tagallalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigi mälim edildi.

Hakkari welaýatynda terror guramasy PKK/KJK-a garşy geçirilen operasiýada partlaýjy maddanyň ýasalmagynda ulanylýan materiallar ele salyndy. 



Degişli Habarlar