Naharhanalar, Kafeler, Çaýhanalar we Sport Zallary Ertirden Başlap Işe Başlarlar

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi

1649135
Naharhanalar, Kafeler, Çaýhanalar we Sport Zallary Ertirden Başlap Işe Başlarlar

 

Prezident R. T. Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan beýannamasynda, epidemiýa garşy göreşde iýun aýynda başlajak tapgyrlaýyn kadalaşma etaby hakynda kabul edilen kararlar barada maglumat berdi.

Kabul edilen karara laýyklykda: Iýun aýynyň dowamynda köçä çykma çäklendirmesi hepdäniň iş günlerinde we şenbe güni agşam (ýerli wagt boýunça) sagat 22:00-dan 05:00 aralygynda dowam eder.

Iýul aýynda şol çäklendirme möhletleri we günleri, wirusyň ýokaşmagyna hem-de çekilýän adam pidalarynyň sanyna, sanjymlamada ýetilen sepgide görä gaýtadan kesgitlener.

Naharhanalar, kafeler, çaýhanalar, sport zallary, lunapark ýaly kärhanalar kesgitlenen düzgünlere laýyklykda ýekşenbe gününden daşgary 07:00-21:00 aralygynda ertirden başlap işe başlarlar.

Uniwersitetleriň 2021-2022-nji okuw ýyly 13-nji sentýabrda başlar.

Döwlet edaralaryndaky ýeňilleşdirilen iş düzgüni goşmaça karara çenli dowam eder. Sport klublary umumy maslahatlaryny iýun aýynyň birinji gününden, beýleki guramalar bolsa ikinji ýarymyndan başlap geçirip bilerler.

Açyk we ýapyk ýerlerdäki nika dabaralary we nika görnüşindäki toý dabaralary bellenen tertipde 1-nji iýundan başlar.



Degişli Habarlar