Çawuşogly Günbatar Frakiýadaky musulman türk azlyklaryň müftileri bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Günbatar Frakiýadaky musulman türk azlyklaryň müftileri bilen duşuşdy

1648368
Çawuşogly Günbatar Frakiýadaky musulman türk azlyklaryň müftileri bilen duşuşdy

Günbatar Frakiýa sebitini we paýtagt Afiny şäherini öz içine aljak 2 günlük saparynyň çäginde Gresiýa giden Mewlüt Çawuşogly, ýanyndaky wekiliýet bilen ilki bilen Komotini şäherine bardy. 

Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Komotini şäherindäki Baş konsullygynda Günbatar Frakiýa Türk azlyklary maslahatlaşma geňeşiniň başlygy we Komotininiň saýlanan müftüsi Ibrahim Şerifi we Ksantiniň saýlanan müftüsi Ahmet Meteni kabul edip, azlyklaryň ýagdaýy barada maglumat aldy. 

Mewlüt Çawuşogly müftiler bilen geçiren duşuşygyndan soň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Müftülerimiziň edýän işleri, Türk azlyklaryň agzybirliginiň we jebisliginiň goralmagyna we güýçlendirilmegine uly goşant goşýar" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly, Baş konsullykdaky işlerinden soň, Komotiniň Jelal Baýar azlyklar liseýine bardy. 

Mekdebuň türk mugallymlary we okuwçylary tarapyndan garşylanan Çawuşogly, mekdebiň binasyna baryp, gözegçilik işlerini geçirdi. 

Çawuşogly Günbatar Frakiýa sapary üçin özüne minnetdarlyk bildiren kowumdaşlara, Prezident Rejep taýýip Erdoganyň salamyny ýetirdi. 

Ministr Çawuşogly soň bolsa Ksanti şäherine degişli türk obasy bolan Çepellide Günbatar Frakiýa Türk azlyklary maslahatlaşma geňeşiniň özüniň hormadyna beren naharyna gatnaşdy.



Degişli Habarlar