Türkiýe Hindistana lukmançylyk kömegini ugratdy

Harby uçar, ýurdyň paýtagty Ankara şäherinden Täze Deli şäherine tarap ugur aldy

1645632
Türkiýe Hindistana lukmançylyk kömegini ugratdy
hindistan yardim.jpg
hindistan yardim.jpg
hindistan yardim.jpg

Koronawirus epidemiýasynyň täsir ýetirmäge dowam edýän ýurtlaryň biri bolan Hindistana lukmançylyk kömegini alyp gitjek harby uçar, ýurdyň paýtagty Ankara şäherinden Täze Deli şäherine tarap ugur aldy. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugyna laýyklykda Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti we Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan taýarlanan 9 million 181 müň 789 lira gymmadyndaky 630 kislorod balon, 5 kislorod generator, 50 dem alyş enjamy we 50 müň guty derman Etimesgut harby howa menzilinde Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli A 400M kysymly 2 sany aýry uçara ýüklendi. 

Täze Deli şäherine tarap ugran uçardaky gutularyň üstüne türk, hindi we iňlis dillerinde Möwlananyň: "Umytsyzlygyň yz ýanynda ençeme umyt bar. Garaňkynyň yz ýanynda ençeme gün bar" sözleri bilen "Türkiýeden Hindistanyň halkyna hormat bilen" sözleri ýazyldy. 



Degişli Habarlar