Izmirde we Çanakgalada Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen bosgunlar halas edildi

Çanakgala welaýatynyň Aýwajyk etrabynda Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 46 bosgun halas edilip, kenara çykaryldy

1645055
Izmirde we Çanakgalada Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen bosgunlar halas edildi

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan, Çanakgala welaýatynyň Aýwajyk etrabynyň çäklerindäki Siwrije Burnu diýilen ýeriň suw giňişliginde çiýşrilen gaýykda bosgunlaryň bardygyny anyklady. 

Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilendigi kesgitlenen 46 bosgun halas edilip, kenara çykaryldy. 

Bosgunlar deslapky işlerden soň Aýwajyk etrabynyň Daşary ýurtly raýatlary yzyna ugrtamak merkezine alynyp gidildi. 

Düýn bolsa Izmir welaýatynyň Dikili etrabynyň suw giňişliginde Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 23 bosgun halas edilipdi. 

Bosgunlar deslapky işlerden soň welaýat Migrasiýa edarasyna ugradylypdy. 

 



Degişli Habarlar