Eren-13 operasiýasynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän Eren-13 operasiýasynyň çäginde ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1644641
Eren-13 operasiýasynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Eren-13 operasiýasynyň çäginde Şyrnak-Judi dagy sebitinde terror guramasyna garşy operasiýa geçirildi. 

Žandarma güýçleriniň komandos toparlary ýüze çykan çaknyşykda 2 terrorçyny ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirdi. 

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Ýyldyrym operasiýasynyň çäginde terror guramasy PKK-a degişli köp mukdarda ýarag we ok-däriniň ele salynandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar