Türkiýe BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine Ysraýyl bilen bagly reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň BMG-däki hemişelik wekili Feridun Sinirliogly, Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümlerine garşy BMG-nyň howpsuzlyk geňeşiniň sessiz galmagynyň kabul edilmejekdigini beýan etdi

1640527
Türkiýe BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine Ysraýyl bilen bagly reaksiýa bildirdi

Türkiýe BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda barha artýan dartgynlyk we Ysraýylyň Gaza garşy guraýan howa hüjümleri bilen bagly geçirilýän maslahata ýazmaça beýanat berdi. 

Feridun Sinirliogly, beýanatynda Ysraýylyň Palestina garşy aksiýalaryny we howa hüjümlerini ýazgardy, aralarynda çagalar we bäbekler hem bolan bigünä adam pidalary sebäpli Palestina gynanç bildirdi. 

Başdan geçirilen soňky hadysalarda Binýamin Netanýahunyň liderlik etmegindäki Ysraýylyň hökümetiniň jogapkärdigini aýdan Feridun Sinirliogly, Ysraýylyň mukaddes Oraza aýynda palestinalylary Gündogar Iýerusalimdäki we Günbatar Şeriadaky öýlerinden zor bilen çykarmaga synanyşandygyny we Aksa metjidinde ybadat edýän palestinalylara garşy hüjümler gurandygyny ýatlatdy. 

UNRWA degişli Gazadaky mekdepleriň hem Ysraýyl tarapyndan nyşana alynmagyny ýazgaran Feridun Sinirliogly, mekdeplere garşy guralýan hüjümleriň harby jenaýatdygyny mälim etdi. 

Ysraýylyň Gazada öz ýerlerinden göçürilen müňlerçe palestinala ynsanperwer kömekleriň ugradylmagyna rugsat bermegi barada çagyryş beren Feridun Sinirliogly: "Bu geňeş palestinanyň halkynyň öňündäki jogapkärçiliklerinden mundan beýläk gaçyp bilmez" diýip nygtady. 

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop hem Twitterden beren beýanatynda: "BMG-nyň Ysraýyla we Palestina çaknyşyklary bes etmekleri we iki döwletli çözgüt üçin gepleşiklere gaýdyp gelmekleri barada çagyryş bermekleri, oňyn bir ädim bolsada ýeterlik derejede bir ädim däl. BMG Ysraýylyň asuda ilat ýitgilerini, döwlet terroryny we alyp barýan adamzat jenaýatlaryny gyssagly ýagdaýda güntertibe getirmelidir" diýip belledi. 



Degişli Habarlar