Süleýman Soýlu terrora garşy göreş bilen bagly beýanat berdi

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän Eren operasiýalarynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 10-a ýetdi

1640904
Süleýman Soýlu terrora garşy göreş bilen bagly beýanat berdi

Içeri işler ministri süleýman Soýlu, özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Eren-13 operasiýalarynyň çäginde Siirt welaýatynyň Eruh etrabynyň Ýassydag diýilen ýeriň obalyk ýerinde ýene-de 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini, jemi täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň şeýlelik bilen 10-a ýetendigini mälim etdi. 

Süleýman Soýlu, mundan öň beren beýanatynda bolsa, Eren operasiýalarynyň çäginde Şyrnak-Judi dagynyň Tuşimiýa diýilen ýerinde 5 terrorçy, Diýarbakyr welaýatynyň Kulp etrabynyň Ýaýlak diýilen ýerinde bolsa 2 terrorçy bolmak bilen jemi 7 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar beripdi. 


Etiketkalar: #PKK , #Süleýman Soýlu

Degişli Habarlar