“Siz Ganly Elleriňiz Bilen Taryh Ýazýarsyňyz”

Prezident Erdogan, Baýdeniň Ysraýyla 735 million dollarlyk ýaragyň satylmagy hakyndaky şertnamany tassyklamagyna reaksiýa bildirdi

1641016
“Siz Ganly Elleriňiz Bilen Taryh Ýazýarsyňyz”

Prezident R. T. Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ysraýyla 735 million dollarlyk ýaragyň satylmagy hakyndaky şertnamany tassyklamagyna reaksiýa bildirdi

 Prezident Erdogan “Siz ganly elleriňiz bilen taryh ýazýarsyňyz” diýdi.

Erdogan “Siz ganly elleriňiz bilen taryh ýazýarsyňyz. Biz 84 millionlyk ilatymyz bilen Iýerusalim nobatymyzy dowam etdirýäris we dowam etdireris. Palestinanyň topraklary gan bilen ýuwulýar we siz şol gandöküşikli hüjüme goldaw berýärsiňiz” diýdi.

“ABŞ-nyň we oňa goldaw berýän ýurtlaryň 2017-nji ýylyň ahyrynda Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde yglan etmekleri, şol ganhor döwlete ruhy taýdan goldaw berdi” diýen Erdogan “Ysraýyl 5-6 ýaşlaryndaky çagajyklary, zenanlary we ýaşullylary öldürýan ganhor. Olaryň deňi-taýy ýok” diýdi.



Degişli Habarlar