Mewlüt Çawuşogly Palestina Meselesinde Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär

Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen bu meselede halkara derejesinde ediljek tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

1640427
Mewlüt Çawuşogly Palestina Meselesinde Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Ýerine ýetirijiler komitetiniň maslahatyndan soň Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani, Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki we Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahud Kureýşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliklerinde Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen bu meselede halkara derejesinde ediljek tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ysraýylyň 10-njy maýdan bäri Gaza gury ýerden we howadan guraýan hüjümleri dowam edýär.

Gaza sektoryna guralan hüjümlerde häzire çenli 58-i çaga, 34-i zenan jemi 192 adam ýogaldy, 1235 adam hem ýaralandy. Onlarça bina dolulygyna ýykyldy.



Degişli Habarlar