Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

Prezident Erdogan Kovid-19 epidemiýasynyň umuman gözegçilik astyna alynandygyny belledi.

1641004
Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 223 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 44 müň 983 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 206 müň 896 adam testden geçirilip, ýene-de 923 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 10 müň 174 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 13 müň 864 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 961 müň 120 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama beren Prezident R. T. Erdogan oraz aýynyň dowamynda täze görnüş koronawirusa garşy girizilen goşmaça çäreleriň oňyn netije berendigini we Kovid-19 epidemiýasynyň umuman gözegçilik astyna alynandygyny belledi.

Prezident Erdogan, Kovid-19-a garşy ýerli sanjymynyň taýarlanmagy işleriniň depgininiň güýçlendirlendigini nygtady.



Degişli Habarlar