Erdogan Papa Fransuwa Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Papa Fransuwa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri hakynda pikir alyşdy

1640726
Erdogan Papa Fransuwa Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Palestinada elhenç pajyganyň dowam edýändigini nygtap, Ysraýylyň hüjümleriniň diňe bir palestinalylara däl, eýsem ähli musulmanlara, hristianlara we bütin adamzada garşy guralýandygyny aýtdy.

Aksa metjidini we Mukaddes gubyr buthanasyny ýapan, ybadat etme azatlygyny çäklendiren, Palestinada bigünä ilaty gyrýan basyp alyjy Ysraýylyň bütin adamzat buýsanjyny hem basgylaýandygyny nygtan Prezident Erdogan, Ysraýylyň sebäpkär bolan waşylygynyň sebitleýin howpsuzlyga hem wehim salýandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Ysraýylyň, İýerusalimiň hukuk derejesini hem basgylaýan bikanun we elhenç çemeleşmelerini dessine bes edilmelidigini, mukaddes ýerlere hüjüm guramakdan çetde rurmaýan basyp alyjy Ysraýyla garşy bütin adamzadyň jebisleşmelidigini beýan etdi.

Halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýyla ýerlikli reaksiýa we gaýtawul görkezmelidigini hem-de şol ugurda anyk başlangyçlar etmelidigini aýdan Prezident Erdogan, Türkiýäniň şol ugurda uly tagalla edýändigini, BMG-niň başda durmagynda degişli ähli halkara platformalarda ýokary diplomatiýa alyp barýandyklaryny, emma BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň degişli jogapkärçilik düşünjesine laýyk hereket etmeýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar