Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a degişli 70 metr uzynlygynda 2 otagly gowak ýok edildi

1640218
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Yragyň demirgazygynda başladylan operasiýanyň çäginde sebitde arakesmesiz ýagdaýda gözleg we saplaýyş işleriniň dowam etdirilýändigi mälim edildi. 

Beýanatda 2 otagly we 70 metr uzynlygyndaky gowagyň içindäki ýarag we ok-däriler bilen birlikde ulanyp bolmajak ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Ministrlik tarapyndan berilen ozalky beýanatda bolsa, Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryndan gaçyşy bolmadyk terrorçylar Penje-Ýyldyrym operasiýasynyň çäginde täsirsiz ýagdaýa getirildi, sebitdäki operasiýalar terrorçylar dolulygyna ýok bolýança çenli dowam eder" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar