Prezident Erdogan eýranly kärdeşi Ruhani bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1640241
Prezident Erdogan eýranly kärdeşi Ruhani bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, telefon söhbetdeşliginde resmi Tel-Awiwiň palestinalylara garşy edýän zulumyny ara alyp maslahatlaşyp, halkara jemgyýetiň hem Ysraýylyň bu biperwaý hüjümlerine garşy güýçli we netijeli ders bermeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Ysraýylyň Palestinada guraýan hüjümlerine we zulumyna garşy Türkiýäniň reaksiýasyny iň berk ýagdaýda orta goýandygyny aýdan Erdogan, telefon gepleşiginde Hasan Ruhana mundan başgada, Yslam dünýäsiniň şol çäkde beýanat we hereket taýdan jebis bolmagynyň zerurdygyny habar berdi. 

Ysraýylyň palestinalylara garşy 10-njy martdan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde 181 adam şehit boldy. 



Degişli Habarlar