“Basyp Alyjy Ysraýyl Metbugat Azatlygyna Zarba Urýar”

"Metbugat merkezlerini nyşana alan Ysraýylyň hyýanatçylykly hüjümlerini näletleýärin”

1639882
“Basyp Alyjy Ysraýyl Metbugat Azatlygyna Zarba Urýar”

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Associated Press we Al Žazeera kanalynyň Gazadaky merkezlerini nyşana alan basyp alyjy Ysraýylyň, metbugat azatlygyna hem zarba urandygyny nygtady.

Altun Twitterden beren habarnamasynda, “Ysraýyl, gyrgynçylyklaryny dowam etdirýär we harby jenaýat etmäge dowam edýär. Associated Press we Al Žazeera kanalynyň Gazadaky merkezlerini nyşana alan basyp alyjy Ysraýyl, metbugat azatlygyna hem zarba urýar. Gyrgynçylyklaryny gizlemek üçin metbugat merkezlerini nyşana alan Ysraýylyň hyýanatçylykly hüjümlerini näletleýärin” diýdi.



Degişli Habarlar