Prezident Erdogan Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär

R.T.Erdogan Buhari we Dibeýbe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1639216
Prezident Erdogan Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär

Erdogan Nigeriýanyň Prezidenti Buhari we Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýe-ministri Abdulhamid Dibeýbe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident R.T.Erdogan Nigeriýanyň Prezidenti Muhammed Buhari bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Palestina guralýan hüjümler sebäpli halkara jemgyýetçiliginiň “hukukdan, adalatdan we wyždandan mahrum Ysraýyla” degişli gaýtawuly görkezmegi üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Erdogan, özara gatnaşyklar we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşylan söhbetdeşlikde Nigeriýanyň hem hakly gowgasynda palestinalylara bilen arkalaşjakdygyna ynanýandygyny beýan etdi.

Özara we sebitara meseleler boýunça pikir alyşylan Erdogan-Dibeýbe söhbetdeşliginde bolsa Ysraýylyň Iýerusalime, Aksa metjidine, Gaza we palestinalylara guraýan hüjümleri hakynda pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar