Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 11 müň 394 adama ýetdi

1639581
Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

 

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 242 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 44 müň 301 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 203 müň 73 adam testden geçirilip, ýene-de 1 müň 102 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 11 müň 394 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 37 müň 261 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 894 müň 24 adama ýetdi.



Degişli Habarlar