Aýasofýada 87 ýyl arakesmeden soň ilkinji gezek baýram namazy okaldy

Ilkinji baýram namazy Din işler guramasynyň başlygy Prof. Dr. Ali Erbaşyň öňbaşçylyk etmeginde okaldy

1638944
Aýasofýada 87 ýyl arakesmeden soň ilkinji gezek baýram namazy okaldy
sentop ayasofya.jpg
ayasofya namaz.jpg

Muzeýden ýaňadandan metjide öwrüleninden soň ybadata açylan Aýasofýa metjidinde 87 ýyl arakesmeden soň ilkinji gezek Oraza baýramy namazy okaldy. 

Ilkinji baýram namazy Din işler guramasynyň başlygy Prof. Dr. Ali Erbaşyň öňbaşçylyk etmeginde okaldy. 

Koronawirus epidemiýasynyň çäginde içine çäkli ýagdaýda adam kabul edildi, galan adamlar bolsa metjidiň howlusynda we meýdançada okadylar. 

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Stambulyň welaýat häkimi Ali Ýerlikaýa, Fatih etrabynyň häkimi Ergün Turan hem baýram namazyny Aýasofýa metjidinde okadylar. 

Mustafa Şentop baýram namazyndan soň metbugat işgärlerine Ysraýylyň Gündogar Iýerusalimde we Gazada guraýan hüjümleri barada beren beýanatynda: "Bu bütin Yslam dünýäsini, dünýädäki 2 milliartdan gowrak musulmany ynjydan, gam-gussa bogan, baýramyny zäherlän bir ýagdaý" diýip belledi. 

Şentop Yslam ýurtlary başda bolmak bilen dünýäniň, halkara hukuga ters pozisiýa, basyp alyşlyk we zulum syýasatyna garşy umumy pozisiýa eýelemeldigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar