Prezident Erdogan russiýaly kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi

1638404
Prezident Erdogan russiýaly kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Palestinada başdan geçirilýän hadysalar we Sputnik V sanjymynyň Türkiýä ugradylmagy bilen bagly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon gepleşiginde Ysraýylyň Iýerusalime, Gaza, Aksa metjidine we palestinalylara garşy guraýan biperwaý hüjümlerine garşy Türkiýe hökmünde reaksiýalaryny iň berk ýagdaýda orta goýandyklaryny belläp, halkara jemgyýetiň hem Ysraýyla berk we netijeli bir ders bermelidigini, şol maksat bilen ähli derejelerde tagallalaryny dowam etdirýändiklerini habar berdi. 

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Palestina babatynda BMG-nyň parametrleri we iki döwletli çözgüt bilen bagly beýanatynyň möhümdigini aýdan Erdogan, Türkiýäniň we Russiýanyň Iýerusalimde başdan geçirilýän hadyslar babatynda pikirdeşdiklerini görkezmekleriniň möhüm bir ýüzlenme boljakdygyna ünsleri çekdi.  

Prezident Erdogan krizis has ulalmadan BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň işe girişmeginiň wajypdygyny we geňeşiň Ysraýylyň hüjümlerini bes etdirmegi taýdan tutanýerli we anyk ýüzlenmeler bermeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Palestinaly asuda ilatyň goralmagy üçin sebite halkara gorag güýjüniň ugradylmagy meselesiniň hem üstünde işlenmelidigini aýdan Erdogan, Türkiýäniň we Russiýanyň BMG-de bu meselelerde ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barjakdygyna ynanýandygyny aýan etdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Putin bolsa öz gezeginde türk halkyny oraza baýramyny gutlap, jan-saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk diledi. 



Degişli Habarlar