Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Yragyň demirgazygynda alynyp barylýan Penje-Ýyldyrym operasiýasynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1637045
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi sosial media hasabyndan Yragyň demirgazygyndaky Penje-Ýyldyrym operasiýasynda PKK-a agza ýene-de 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.  

Beýanatda: "Penje-Ýyldyrym operasiýasyny ýerine ýetirýän desant güýçlerimiz Metina sebitinde terrorçylar bilen başdan geçirilen ýaragly çaknyşykda PKK-a agza 2 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getidi. Günüň dowamynda Yragyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 16-a ýetdi" diýip mälim edildi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýleki bir beýanatda bolsa, Eren-14 operasiýasynyň çäginde Hakkari welaýatynyň Çanakly obasynyň golaýynda 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar