Prezident Erdogan Abbas we Henniýe Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan, Ysraýylyň Iýerusalimde guraýan hüjümlerini “terrorçylykly hüjüm” hökmünde häsiýetlendirdi.

1637466
Prezident Erdogan Abbas we Henniýe Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas we Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Aksa metjidine we palestinalylara guraýan hüjümleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Erdogan, Ysraýylyň Iýerusalimde guraýan hüjümlerini “terrorçylykly hüjüm” hökmünde häsiýetlendirdi we diňe musulmanlaryň däl eýsem bütin adamzadyň wyjdanyny ýaralaýan hyýanatçylykly hüjümleri we palestinalylara edilýän zulumy berk ýazgarýandygyny nygtady.

Ysraýylyň alyp barýan terrorçylykly syýasatynyň we basyp alyşlygyň bes edilmegi üçin musulman dünýäsiniň başda durmagynda bütin dünýäniň herekete geçmegi üçin ellerinden geleni etjekdigini nygtan Prezident Erdogan, Türkiýäniň palestinaly doganlaryny we İýerusaly goramaga dowam etjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar