Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşogly Saud Arabystanynda Saparda Bolar

Çawuşogly saparynyň çäginde saudy kärdeşi bilen özara gatnaşyklar we sebitara meseleleri ara alyp maslahatlaşar

1637341
Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşogly Saud Arabystanynda Saparda Bolar

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly özara we sebitara meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Saud Arabystanyna gider

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada “Ministr Çawuşogly maý aýynyň 10-11-i aralygynda Saud Arabystanynda saparda bolar. Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde saudy kärdeşi Faýsal Bin Farhan Bin Abdullah Al Suud bilen duşuşar. Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar” diýildi.



Degişli Habarlar