Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 14 müň 191 adama ýetdi

1637009
Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 283 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 43 müň 29 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 197 müň 468 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 102 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 14 müň 191 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 25 müň 694 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 716 müň 918 adama ýetdi.


Etiketkalar: #Türkiýe , #koronawirus

Degişli Habarlar