Prezident Erdogan PKK-a garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini habar berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä, ekstremist terror guramasy PKK-nyň elindäki soňky perzent öz maşgalasyna gowuşýança çenli göreşlerini dowam etdirjekdiklerini habar berdi

1636731
Prezident Erdogan PKK-a garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini habar berdi

Prezident Erdogan, perzentleri ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan daga alynyp gidilen Diýarbakyrly eneler bilen Stambuldaky Wahdettin köşgünde agzaçarda duşuşdy.

Erdogana aýaly Emine Erdogan, Içeri işler ministri Süleýman Soýlu we Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun ýoldaşlyk etdi. 

Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: "Soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä, ekstremist terror guramasy PKK-nyň elindäki soňky perzent öz maşgalasyna gowuşýança çenli göreşimizi dowam etdireris" diýip belledi. 

Prezident Erdogan Diýarbakyrly enelere: "Terror guramasy PKK we onuň syýasy şahalary tarapyndan aldaw bilen sizden goparyp alynan perzentleriňize gowuşmak üçin alyp barýan göreşiňizi iň başyndan bäri takdyr bilen gözegçilik edýäris" diýip habar berdi. 

"Terror guramasy PKK-nyň häzirki wagtda aladalary uly, kynçylykylary uly. Indi gaçmaga deşik gözleýärler" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Maşgalalarymyzyň bu tutanýerli ýagdaýda alyp barýan bu göreşe terror guramasynyň garaňky we gandan iýmitlenýän hakyky ýüzüniň görülmegi taýdan örän peýdaly boldy. Terror guramasynyň Yrakdaky merkezi bolan Kandili ýumurarys we Kandili Kandil bolmakdan çykararys. Olar üçin garaňkylyk bolar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar