Oktaýyň we Altunyň Eneler güni mynasybetli gutlagy

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, eneleri halkara Eneler güni mynasybetli gutlady

1636973
Oktaýyň we Altunyň Eneler güni mynasybetli gutlagy
altun.jpg
fuat oktay.jpg

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý Eneler güni mynasybetli özüniň sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Barlyklary bilen hemişe bize güýç beren, ýokluklary bilen bolsa hemişe bir ýerimiz kem bolan Jennet ysly enelerimiziň halkara Eneler güni gutly bolsun. Başymyzyň täji bolan gadyrly enelerimizi tüýs ýüregimden hormatlaýaryn, aradan çykan enelere bolsa Alladan rehnet dileýärin" diýip belledi. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun bolsa, terror guramasy PKK tarapyndan daga alynyp gidilen çagalaryna gowuşmak umydy bilen Halklaryň demokratik partiýasynyň welaýat merkeziniň öňünde perzent nobatyny tutan Diýarbakyrly eneler bolan wideony paýlaşyp, ähli eneleri halkara Eneler güni bilen gutlady. 

Fahrettin Altun Twitter hasabyndan paýlaşan wideosynda, Halklaryň Demokratik partiýasynyň welaýat merkeziniň eýýäm ençeme ýyllap PKK-a adam tapyp bermek üçin iş alyp barandygyna ünsler çekildi. 

Perzentleri HDP tarapyndan aldanyp daga alynyp gidilen we terror guramasy PKK-nyň düzümine goşulan 232 maşgalanyň ähli hemlelere garamazdan 615 gün bäri nobat tutýandygy ýatladylan wideoda, eneleriniň perýadyny eşiden 25 ýaş oglan-gyzyň PKK-nyň hataryndan gaçyp maşgalalaryna yzyna gaýdyp gelendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar