Eren operasiýalarynda 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy ýurdyň içinde geçirilýän Eren operasiýalarynda şu günki güne çenli 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1636886
Eren operasiýalarynda 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Kars welaýatynda beren beýanatynda hem ýurdyň öz serhetleriniň çäginde hem-de serhetaşa operasiýalar bilen ýurdyň asudalygyny, howpsuzlygyny we durnuklylygyny ýola goýmak üçin göreş alyp barýandyklaryny habar berdi. 

Süleýman Soýlu, Eren operasiýalarynyň 15-njisini Kars welaýatynda başaladandyklaryny belläp, 1071 harbynyň gatnaşmagynda Eren-1 operasiýasynyň 11-nji ýanwarda başladylandygyny ýatlatdy. 

15 müň 674 harbynyň gatnaşmagynda Eren operasiýalarynyň 15 aýry zolakda dowam edýändigini aýdan Süleýman Soýlu: "Şu günki güne çenli Eren operasiýalary bilen 3-si gyzyl, 6-sy narynç, 1-i çal kategoriýada, 2-si sebitiň ýolbaşçysy derejesinde bolan terrorçylar täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şolara düýn agşam Hakkari welaýatynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylary goşmagymyz bilen bolsa, Eren operasiýalarynda jemi 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar